Kalyn: "Türkiýe iki ýurdyň liderini duşuşdyrmaga taýar" diýdi

Kalyn: "Türkiýe iki ýurdyň liderini duşuşdyrmaga taýar" diýdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, merkezi Katarda ýerleşýän Al Jazeera telewideniýe kanalynyň göni efirine gatnaşyp, Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly soraglara jogap berdi.

Russiýa-Ukraina söweşinde parahatçylyk ylalaşygynyň mümkin bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga jogap beren Kalyn: "Ählimiz şony amala aşyrmaga synanyşýarys. Prezidentimiz bu söweşiň başyndan bäri Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen iki aýry gezek telefon arkaly söhbetdeş boldy. Elimizden gelýän ähli zady edýäris" diýip mälim etdi.

Kalyn Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň kärdeşleri bilen gepleşikler geçirmek üçin Moskwa we Ukraina sapar gurandygyny belläp, Çawuşoglynyň Moskwa soňky günlerde sapar guran Daşary işler ministrleriň birnäçesiniň biridigini habar berdi.

Tapawutly ýollary ulanyp, bu söweşi bes etmek üçin tagalla edýändiklerini aýdan Kalyn, Putin bilen Zelenskiýiniň arasynda Donbass we Krym meselelerinde tapawutly garaýyşlarynyň bardygyny aýan etdi.

Kalyn Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýa bilen Ukrainanyň liderleriniň arasynda duşuşyk geçirmäge taýardygyny belläp, taraplaryň arasynda Belarussiýada geçirilen gepleşikleriň tehniki häsýetde amala aşandygyny beýan etdi.

Syýasy derejede ilkinji maslahatyň Antalýa Diplomatiýa forumynda geçirilendigini ýatladan Kalyn: "Indi bolsa zerur bolan zadymyz iki lideriň arasynda, ýagny Putiniň we Zelenskiýniň arasynda strategik derejede bir maslahatyň geçirilmegi" diýip nygtady.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň mümkin bolup biljekdigini aýdan Kalyn: "Parahatçylyk ylalaşygy mümkin, emma esasy sorag şol ylalaşyk haçan we nähili boljakdygy.Esasy sorag şol.Bir nokatda bolaýmaly. Şol nokatda deslapky ylalaşyk şertnama bolmazlygyna garamazdan, gepleşikler geçirjek toparlar duşuşyp, biri-birleri bilen ýakynlaşýar.

Işlerini dowam etdirdikleri saýyn we çemeleşmelerini biri-birlerine ýakynlaşdyrdyklary saýyn, iki lideriň duşuşyk ähtimallygynyň artjakdygyny pikir edýärin.Sebäbi hemişelik parahatçylyk ylalaşygy, hemişelik od açmazlyk baradaky ylalaşyk diňe şol derejedäki maslahatlar bilen ýola goýulyp biliner" diýip mälim etdi.

Kalyn, parahatçylyk ylalaşygyny baglaşylmagyň kyndygyny belläp, ol ýerde diplomatiýanyň güýje girmegi bilen şol meseleleriň çözüwine goşant goşup biljekdiklerini beýan etdi.

Kalyn, beýleki ýurtlaryň Russiýa garşy pozisiýa eýeländiklerini belläp: "Beýleki ýurtlaryň duýgularyna we eýelän pozisiýalaryna düşünýäris.Emma, biz Russiýa bilen aragatnaşyk kanalynyň açyk tutulmagynyň gerekdigini ynanýarys.Her kim Russiýa bilen gämilerini ýaksa, onda günüň ahyrynda olar bilen kimler gepleşik geçirer? Şol ynam kanallaryny açyk tutýarys.

Mysal üçin şol aragatnaşyk kanallarynyň saýasynda bogazlary we Gara deňizi şol söweşden uzak sakladyk.Gara deňiz harby gämileriň geçmekleri taýdan örän möhüm.Mundan başgada Mariupol we beýleki ýaşaýyş ýerlerde od açmazlyk baradaky ylalaşygyň wagtlaýyn häsýetde güýje girmegini we käbir ewakuasiýalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etdik" diýip habar berdi.

Ibrahim Kalyn, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ewakuasiýa we ynsanperwer koridorlar babatynda kärdeşleri bilen dowamly häsýetde aragatnaşyk içindedigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy
Hatibzadeh: Abu Akelanyň jaýlanyşyna edilen hüjüm Sionist režiminiň hakyky keşbini görkezdi