Kamboja 3 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny hasaba aldy

Kamboja 2023-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 3037344 halkara syýahatçyny hasaba aldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 308 göterim köp bolup, 743,459 adama deňdir. Bu barada ýurduň syýahatçylyk ministrliginiň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda belelnmegine görä, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna halkara syýahatçylygy baradaky sanawda Tailand birinji orunda durýar, ondan soň Wýetnam we Hytaý gelýär.

Hasabata görä, Kamboja howa ýoly bilen 1065233 daşary ýurtly syýahatçy gelip, bu 237 göterim ýokarydyr. Şeýle-de gury ýer we suw ulagy boýunça 1972111 syýahatçy gelip, 362 göterim köpdür.

-Bu sanlara esaslanyp, Kamboja 2023-nji ýylda, azyndan, 5 million halkara syýahatçyny özüne çeker diýip, syýahatçylyk ministri Tong Khon aýtdy. Şeýle hem, ol 2022-nji ýylda Patyşalygyň bary-ýogy 2,27 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul edendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Wýetnamyň täze Prezidenti
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy
Kamboja bilen syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamak teklip edildi
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär