Kanada hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Kanada hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Kanadanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynda ýaryşyň finalynda Finlýandiýadan 3:2 hasabynda üstün çykyp, ýeňiji boldy.

Hasap oýnuň birinji döwrüniň dokuzynjy minudynda açyldy, şaýbanyň awtory Mikael Ruohomaa boldy.

Ikinji döwrüň bäşinji minudynda kanadalylar hasaby deňlediler. Döwrüň tamamlanmagyna dört minut galanda Kanadanyň milli ýygyndysynyň kapitany Adam Henrik şaýbany Finlýandiýa toparynyň derwezesine girizdi, emma gol hasap edilmedi.

Üçünji döwrüň altynjy minudynda Petteri Lindbom oýunda hasaby 2:1 edip, Finlýandiýany öňe çykardy. Ýöne bäş minutdan soň Kanadanyň hokkeýçileri ýene-de hasaby deňlediler, Adam Henrik şaýbany tora girizdi. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlikde tamamlandy we oýun owertaýma geçdi, bu ýerde kanadalylar üstün çykdylar, hasap 3:2. Ýeňiş şaýbasynyň awtory Nik Pol boldy.

Ýekşenbe güni dünýä çempionatynyň üçünji orny üçin oýun geçirildi, onda ABŞ-nyň milli ýygyndysy Germaniýany 6:1 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Kanadada guş dümewi bilen kesellän ilkinji hassa hasaba alyndy
Olimpiadanyň taryhyndaky täsin wakalar
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
“The London Gazette” neşiriniň ilkinji nusgasy çap edilýär
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Tom Kruz üçin ýerine ýetirip bolmajak missiýa ýok (Hepdäniň täze filmi)