Kanadanyň “Condor Energies” kompaniýasy Gazagystanda litiý çykaryp başlar

Kanadanyň “Condor Energies” kompaniýasy Gazagystanda litiý çykaryp başlar

Kanadanyň “Condor Energies” kompaniýasy Gazagystanyň hökümetinden ýurduň çäginiň 37,300 gektar meýdanynda litiý erginini gazyp alamak üçin ygtyýarnama aldy (“Ilkinji litiý ygtyýarnamasy”).

“Condor Energies” kompaniýasynyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, kompaniýa Birinji Litiý Ygtyýarnamasyna laýyklykda alty ýyl möhlet bilen bellenilen meýdany doly dolandyrmaga ygtyýarlydyr.

Uglewodorod gözlegi boýunça Birinji litiý ygtyýarnamasynyň çäginde burawlanylan öňki guýyda daş-kömür döwrüne degişli bolan interwallarda bir litirde 67 milligram litiý konsentrasiýasy bolan duzly suw gorlary tapyldy we synagdan geçirildi.

Mundan başga-da, “Condor Energies” kompaniýasy ozal döwlet eýeçiligindäki kärhana bilen aýratyn litiý erginini gazyp almak ygtyýarnamasy (“Litiý gazyp almak üçin ikinji ygtyýarnama”) üçin hökmany satuw we satyn alyş şertnamasyny baglaşdy.

Gazagystanyň Geologiýa ministrliginiň habaryna görä, uglewodorod gözlegi boýunça Ikinji litiý ygtyýarnamasynyň çäginde burawlanylan öňki guýyda dewon we daş-kömür döwürlerine degişli bolan interwallarda bir litirde 130 milligram litiý konsentrasiýasy bolan duzly suw gorlary tapyldy we synagdan geçirildi.

Litiý bu himiki element bolup, ol litiý ion batareýalaryny, ruhy taýdan näsaglary bejermek üçin dermanlary, çalgy ýaglary, ýeňil metal erginlerini we kosmos senagatynyň önümlerini öndürmekde giňden ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Seýrek minerallar boýunça ilkinji "C5+1" mejlisi geçirildi
Türkmenbaşyda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda dowul döretdi
Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy
Argentinada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy
Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy