Türkmenbaşyda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda dowul döretdi

Türkmenbaşyda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda dowul döretdi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda 16-njy awgustda irden 5,3 bally ýer titremesi boldy. Bu barada “Roýters” habar gullugy Germaniýanyň Geologiýa ylymlary merkeziniň maglumatyna salgylanyp habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýer yranmasynyň netijeleri barada käbir maglumatlary toplady. Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler tebigy hadysa barada habar bermedi.

Ýer yranmalary barada habarlary çap edýän Earthquakelist neşirine görä, sarsgyn çarşenbe güni Aşgabat wagty bilen irden sagat 6:37-de Türkmenbaşy şäheriniň 31 kilometr demirgazyk-gündogarynda 45 kilometr çuňlukda boldy. Germaniýanyň Geologiýa ylymlary instituty sarsgynyň çuňlugyny 48 kilometr hökmünde hasaba aldy.

Sarsgynyň merkezi Türkmenistanyň möhüm syýahatçylyk sebitine, Hazaryň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagyna golaý bolup, Azatlyk Radiosynyň habarçysy deňziň ýakasyndaky köp gatly myhmanhanalarda dynç alýan syýahatçylaryň sarsgynyň yz ýany, gorkyny başdan geçirendiklerini habar berýär.

Gyzylsuw adasynda 1960-njy ýyllarda gurlan 20 töweregi köne bina sarsgyndan agyr zyýan çekipdir. Şeýle-de, ada gatnaýan gämi gatnawlary togtadylypdyr.

“Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Gyzylsuw adasynda ýerleşýän harby bölüminiň binasyna hem zeper ýetipdir. Adam ýitgileri barada maglumat ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy awgustda giçlik sebitden maglumat berdi.

Sarsgyn Türkmenbaşy şäherinde ilat arasynda dowul döretdi. Ýer titremesiniň yz ýany, adamlar howsala bilen öýlerinden daşaryk çykdylar, käbir binalarda kiçi jaýryklar emele gelipdir.

Şeýle-de, sarsgynyň yz ýany şäheriň ýangyç beketleri ýangyn döremek howpy bilen baglylykda, günüň ikinji ýarymyna çenli öz işlerini togtatdylar.

Häkimlik resmileri ýer titremesinden üç sagat soň, sarsgynyň gaýtalanmak ähtimallygy barada ilata duýduryş berip, adamlary seresaplyga we hüşgärlige çagyrdy.

Ýöne tebigy hadysanyň yz ýany, adatdan daşary ýagdaýlar gullugy ýa-da beýleki gulluklar işjeňlik görkezmedi.

“Operatiw işleýän gulluk ýok” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyz hadysanyň yz ýany, Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç alýan käbir adamlaryň dynç alşyny möhletinden öň tamamlap, öz sebitlerine gaýdandyklaryny habar berdi.

“Awazada dynç alýan adamlar irden gaty gorkandyklaryny aýdýarlar. 12 gatly binalaryň ýokarky gatlarynda ýer titremesi has gorkuly duýlupdyr” diýip, habarçymyz maglumat berdi.

Ýer sarsgynlaryny öňünden çaklap bolmaýar, Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary seýsmiki taýdan işjeň sebitde 1970-1980-nji ýyllarda gurlan köp gatly jaýlarda ýaşamagyň öz janlaryna howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

“Balkan sebitinde ýer sarsgynlary gaýtalanyp durýar, ýöne Seýsmologiýa döwlet gullugy bular barada ilata habar bermeýär” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtda bolup geçýän adatdan daşary tebigy hadysalar barada habar bermeýär, şol bir wagtda türkmen hökümeti bular barada beýanat çap etmeýär.

Ýer sarsgynlarynyň täsiri ilatly sebitleriň ýerleşýän ýeriniň düzümine baglylykda üýtgeýär. Türkmenbaşy şäheri dagly-daşly zonada ýerleşýär.

“Hudaý gorasyn, 7-9 bally ýer sasgyny bolsa, köne jaýlar betonyň aşagynda galar. Döwlet [betbagtçylykly tebigy hadysalarda] hossar çykmaýar. Gaýtam, pajygaly wakalary gizlejek bolýar” diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenbaşyda bolan ýer sarsgyny barada Balkanyň sebit häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenbaşyda bolan ýer titremesi bu gezek türkmen ýolbaşçylarynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan wagtyna gabat geldi. Şu günler dynç alyşda bolýan prezident Serdar Berdimuhamedow Awazadaky dynç alşynyň yz ýany, ýer sarsgynyndan iki gün öň, 14-nji awgustda Aşgabada dolanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy
Pakistanda we Owganystanda adam pidalaryna getiren ýer yranmasy Türkmenistanda hem duýuldy
Filippinlerde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy
Argentinada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy
Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy
Indoneziýada we Peruda ýer titremeler boldy