Kanani: Sionistleriň Gazadaky jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy gynandyryjy

Kanani: Sionistleriň Gazadaky jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy gynandyryjy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionistleriň Gazada eden jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklaryny goraýjylaryň dymmagy gynandyryjydyr diýdi.

Geçen anna gününden bäri Gaza zolagynyň dürli sebitlerinde sionist režimiň jenaýatçylykly hüjümlerine şaýat boldy we onuň netijesinde azyndan 11 adam şehit boldy, 81 adam ýaralandy.

Palestinanyň çydam toparlary hem, wagtlaýyn sionist režimiň Gazadaky hüjümlerine jogap edip, raketa hüjümleri bilen Gazanyň töweregindäki we Tel Awiwiň günortasyndaky şäherçeleri nyşana aldylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" öz twitterinde sionist režimiň jenaýatlary barada şeýle ýazdy: "Bular Sionist aparteid režiminiň Gazana garşy soňky hüjümlerinde nyşana alyp boljak mysallaryndandyr".

"Kanani" ýazgysynyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ysraýylyň özüni goramak hukugyny "doly goldaýandygyny" bellemeginiň meseläniň geň ýeridigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Kanani Çafi: Günbatar Aziýa sebiti köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç
Kanani Çafi: Terrorçylar erbet maksatlaryna ýetmediler
Oman sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýranyň kanuny talaplarynyň üpjün bolmagyny goldady
Kanani: Talyban hökümeti Ymam Hüseýiniň(AS) ýasyny tutýanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmeli
Eýran Gaza garşy hüjümi ýazgardy
Kanani: çagalary öldürýän Ysraýyl režimi synmakdan gutulmaz