Oman sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýranyň kanuny talaplarynyň üpjün bolmagyny goldady

Oman sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýranyň kanuny talaplarynyň üpjün bolmagyny goldady

Omanyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad Albusaidi sişenbe güni gije Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde sanksiýalary ýatyrmak we Eýranyň kanuny talaplaryny kanagatlandyrmak üçin gepleşiklerde ylalaşyga gelmegi goldady.

Gepleşiklere gatnaşýan ýurtlaryň köpüsi, Eýrana garşy edilýän zulumly we bikanun sanksiýalary ýatyrmagy maksat edinip, gepleşikleriň has çalt tamamlanmagyny isleýär emma gutarnykly ylalaşyga gelmek käbir galan meseleler boýunça Amerikanyň syýasy kararlaryna baglydyr.

EranPress habar gullugynyň habaryna görä, bu telefon söhbetdeşliginde Omanyň daşary işler ministri Wenadaky dürli gepleşiklere beren baha berişine ünsi çekip, gepleşiklerde ylalaşygyň zerurdygy baradaky öz ýurdunyň garaýşyny nygtamak bilen şeýle diýdi: Ähli taraplaryň gutarnykly ylalaşyk gazanmak isleýändiklerine we ylalaşyk gazanmak üçin altyn bir mümkinçilik döredilendigine ynanýarys diýdi.

"Badr bin Hamad al-Busaidi" şeýle-de Omanyň gepleşiklerde hemişe gutarnykly ylalaşygyň gazanylmagyny isläp Eýranyň kanuny talaplaryny goldaýandygyny aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Amir Abdollahian, Eýran tarapynyň diplomatik penjiräni açyk saklamak baradaky başlangyçlaryna yşarat edip Ylalaşygyň soňky tapgyry Amerikan tarapynyň realizmine we akla laýyk garaýyşyna baglydyr we Eýran Yslam Respublikasy bolsa durnukly we berk ylalaşyga gelmäge çynlakaý çemeleşýändir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bu telefon arkaly eden çykyşynda Eýranyň dünýäde energiýa howpsuzlygyna we azyk howpsuzlygyna ähmiýet berýändigini, dünýädäki häzirki energiýa meselelerine we kynçylyklaryna düşünmek bilen şu wagta çenli dürli başlangyçlar edendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sişenbe güni gije BAE-nyň Daşary işler ministri Abdullah Bin Zaýed Al Nahyan, Kuweýtiň Daşary işler ministri Şeýh Ahmad Naser Al-Sabah we Kataryň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ýene degişli makalalar

Kanani Çafi: Günbatar Aziýa sebiti köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç
Kanani Çafi: Terrorçylar erbet maksatlaryna ýetmediler
Kanani: Talyban hökümeti Ymam Hüseýiniň(AS) ýasyny tutýanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmeli
Eýran Gaza garşy hüjümi ýazgardy
Kanani: Sionistleriň Gazadaky jenaýatlarynyň garşysynda halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy gynandyryjy
Kanani: çagalary öldürýän Ysraýyl režimi synmakdan gutulmaz