“Kanunym hem baýdagym asudalygym hem buýsanjym”

“Kanunym hem baýdagym  asudalygym hem buýsanjym”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Kanunym hem baýdagym asudalygym hem buýsanjym” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, şanly senelere beslenýändigi, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde baýram edilýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de döwletliligiň mizemez sütünleri bolan bu iki mukaddesligiň biri-biri bilen berk baglanşyklydygy, Esasy Kanunymyz döwletiň gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny beýan edýän bolsa, parahatçylygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biridigini, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň baý taryhyny, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini alamatlandyrýandygyny nygtap geçdiler.

Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” höwesjeň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

BEHIŞDI BEDEWLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'
“Konstitusiýa we Baýdak-mizemez mukaddeslikler”
“Keşdeçilik-gadymy hem-de müdimi sungat”
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
“Medeniýet-milletiň buýsanjy, Magtymguly edebiýatyň şamçyragy”