Karib deňziniň düýbünden näbelli jandar tapyldy

Karib deňziniň düýbünden näbelli jandar tapyldy

ABŞ-nyň Umman we howa barlaglary milli edarasynyň (NOAA) alymlary Karib deňziniň düýbünde mawy reňkli geň jandary surata aldylar diýip, Washington Times gazeti ýazdy.

Tapyndynyň Santa-Krus adasynyň golaýynda, 427 metr töweregi çuňlukda üstünden baryldy.

Jandar güberçekler bilen örtülipdir, onuň kellesidir el-aýaklary ýok we görnüşini üýtgedip, çägä gömlüp bilýär.

Hünärmenler syrly jandaryň nämedigini diňe nusgalygy alnan ýa-da oňat hilli surata düşürilenden soňra anyklap bolar diýýärler.

Karib deňzi Atlantikanyň ähli etraplarynda iň baý biologik köpdürlilige eýedir, emma oňa adamyň täsiri netijesinde azalmak howpy abanýar.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýada Latyn Amerikasy-ÝB sammiti geçirilýär
2026-njy ýylda syýahat etmek üçin iň gowy 52 ugur
Tramp nobatdaky nyşana diýip häsýetlendirilen Kubanyň tiz wagtda çöküşe sezewar boljakdygyny aýtdy
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Iň yssy aý boldy
Täjirçilik maksatly suborbital uçuş
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?