Kastamonu Basdyrmasy

Kastamonu Basdyrmasy

Türkiyäniň Gara deňiz sebitinde ýerleşýän kenarýaka şäheri Kastamonu, sebitdäki öri meýdanlardan iýmitlenýän iri şahly mallaryň etinden öndürilýän meşhur Kastamonu Basdyrmasy bilen tanalýar.

Kastamonunyň Söwdegärler we senetçiler palatalar bileleşiginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Kastamonu Basdyrmasy şol ugur boýunça Kaýseri we Afýonkarahisar şäherleriniň iň uly bäsdeşidir.

Kastamonu Basdyrmasynyň önümçiligi çuň kesilen süňksiz arka et, galit duzy bilen duzlanyp, 3 gün garaşdyrylýar.

Saklanmak işlerinde suwy sykylan uly et bölekleri, agyr zatlar bilen gysylýar we ondan soň ýuwulyp günde kakadylyp, sebite mahsus bolan Taşköprü sarymsagy goşulan ergin bilen üsti gaplanýar.

Kastamonu Basdyrmasynyň önümçiliginde 2-2,5 ýaşyndaky iri şahly mallaryň etleri ulanylýar.

Umumam alynanda sentýabr-aprel aýlary aralygynda önümçiligi amala aşyrylýan Kastamonu Basdyrmasy ortaça duzly we birneme kislotaly tagama, sygyr etiniň tagamyna we tapawutly gyzyl reňke eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Ýaponinada Janyna Kast Eden Okuwçylaryň Sany Artdy
Erdogan Ýer Titremelerde Ýykylan Şäherleri Gysga Möhletde Dikeltjekdiklerini Aýtdy
Perunyň Prezidenti “Milli Ylalaşyk” Çagyryşyny Berdi
Filippinlerde harby tälim uçary ýere gaçdy
Italiýaly meşhur kino ýyldyzy aradan çykdy