Kastelýanos XXI asyrda Realyň derwezesine poker eden ilkinji oýunçy boldy

Kastelýanos XXI asyrda Realyň derwezesine poker eden ilkinji oýunçy boldy

Ispaniýanyň La Ligasynyň 31-nji tapgyrynda Real myhmançylykda Žironadan 4:2 hasabynda asgyn geldi.

Duşuşykda ýer eýeleriniň ähli gollaryna Walentin Kastelýanos atworlyk etdi. Ol 12-nji, 24-nji, 46-njy hem-de 62-nji minutlarda Realyň derwezesini dürs nyşana aldy. Şeýlelikde, Kastelýanos 1947-nji ýyldan bäri Ispaniýanyň çempionatynda Realyň derwezesine dört gol uran ilkinji oýunçy boldy.

31 ýunda 65 utuk toplan Real La Liganyň turnir tablisasynda ikinji ýerde barýar. Üçünji ýerdäki Atletikonyň hasabynda bolsa 30 oýunda gazanylan 60 utuk bar. 30 oýunda 41 utuk toplan Žirona dokuzynjy orny eýeläp dur.

Ýene degişli makalalar

Wenesuelada Ugo Çawes aradan çykmagynyň 10-njy ýylynda hatyralandy
Peruda hökümede garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ispaniýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär
Walla Kaniony
“Russiýa, Ukrainanyň Prezidentiniň Janyna Kast Etmäge Synanşyp Biler”
Kastamonu Basdyrmasy