ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Katara “NATO agza bolmadyk esasy hyzmatdaş” statusynyň berilmegi üçin Kongrese maglumat berlendigini aýtdy.
Jo Baýden, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani bilen bolan duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.
Katar bilen ABŞ-nyň 50 ýyldan bäri ýakyn hyzmatdaşdygyny nygtan Baýden, resmi Dohanyň onmüňlerçe owgany kabul edendigini, Gaza we Palestina meselesinde hem uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny belledi.
Baýden, Kataryň howa ýollary bilen uçar öndürýän Boeing firmasynyň arasynda baglaşylan 20 milliard dollarlyk şertnamadan hoşaldyklaryny aýtdy.
Prezident Baýden “Katar ýakyn dost we ynamdar hyzmatdaş. Katara NATO agza bolmadyk esasy hyzmatdaş statusynyň berilmegi üçin Kongrese maglumat berdik. Bu karar gatnaşyklarymyzyň ýeten derejesiniň görkezijisidir” diýip belledi.
ABŞ şu günki güne çenli 18 ýurdy NATO agza bolmadyk esasy hyzmat hökmünde ykrar etdi.
Ýurtda ilkinji gezek 1987-nji ýylda döwrüň Prezidenti Reýgen tarapyndan Awstraliýa, Müsüre, Ysraýyla, Ýaponiýa we Günorta Koreýa bu kategoriýa alnypdy.
Aýlag ýurtlaryndan Bahreýn bilen Kuweýt hem ozalky prezident Jorj Buş tarapyndan bu kategoriýa alnypdy.
