Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi

Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýannamasynda rus goşunynyň ýurduna garşy guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Diňe soňky bir hepdäniň içinde Ukraina guralan hüjümlerde takmynan 700 bomba we 600-den gowrak uçarmansyz howa ulagynyň ulanylandygyny aýdan Zelenskiý rus goşunynyň hüjümlerini howadaky artykmaçlygy bilen dowam etdirýändigini aýtdy.

Ýurduna garşy guralýan howa hüjümleirniň öňüni almak üçin Ukraina bilen ýaran ýurtlaryň arasynda howa goranyş ugrundaky ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine ünsleri çeken Zelenskiý: "NATO-nyň Waşingtondaky sammitinde we Ramstein formatyndaky maslahatlarda Ukraina howa goranyş ulgamlary bermek babatynda kabul edilen kararlar, entek dolulygyna iş ýüzüne geçirilmedi" diýip habar berdi.

Zelenskiý, ABŞ-nyň we beýleki ýaran döwletleriň liderleri bilen Ukraina howa goranyş ulgamlaryny we raketalary öndürmek üçin ygtyýarnama bermek babatynda gepleşikler geçirýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi seljerildi
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Witkoff: "Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly gepleşiklerde uly öňegidişlikler gazanyldy" diýdi
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Zelenskiý Eýranyň UHU-na garşy çäre görmek üçin ukrain hünärmenlerini Ýakyn Gündogara iberdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Stambula geldi