Katarda bagbançylyk sergisi geçirilýär

2-nji oktýabrda Kataryň paýtagty Doha şäherinde öz işine başlan “Expo-2023 Doha” halkara bagbançylyk sergisi geljek ýylyň 28-nji martyna çenli dowam eder. “Ýaşyl çöl, has gowy gurşaw” şygary bilen guralýan bu çäre Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada ilkinji bagbançylyk, şeýle hem gurak howada guralýan ilkinji sergi hökmünde taryha girer.

Bu sergi onlarça ýurduň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda Kataryň Emiri tarapyndan resmi taýdan açyldy. Dabarada çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikdigini belledi.

Sergä gelip görýänler çölleşmäge garşy göreş we durnukly oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen köp sanly innowasion çözgütleri synlap bilerler. Sergi meýdançasy Pars aýlagynyň suwlaryna haýran galdyryjy görnüşleri açýan ajaýyp Al-Bidda seýilgähinde, 1,7 million inedördül metr giňişlikde ýerleşýär.

“Expo 2023 Doha” sergisiniň temalary “Häzirki zaman oba hojalygy”, “Tehnologiýa we innowasiýa”, “Ekologiýa taýdan habarlylyk” we “Durnukly ösüş” ýaly ugurlary öz içine alyp, bu ýere gelip görýänleriň durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda bilimini artdyrýar.

Geljek ýylyň martyna çenli 179 günüň dowamynda bagbançylyk sergisinde Milli gün baýramçylygy, medeni çäreler we tematik duşuşyklar ýaly dürli çäreler geçiriler.

Bu halkara gözden geçirilişinde ýurdumyzyň sergi bölümi guraldy we 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sergi özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde amatly tejribe meýdançasydyr. Bu sergä 190-dan gowrak ýurt we halkara guramalar gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Fidan Katara Gitdi
Daşary Işler Ministri Fidan Katarda Saparda Bolar
Katarda Uzak Möhletli Ylalaşyk Üçin Gepleşikler Geçirilýär
Hakan Fidan Katarly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Katarda Saparda Bolar