Katarda Uzak Möhletli Ylalaşyk Üçin Gepleşikler Geçirilýär

Katarda Uzak Möhletli Ylalaşyk Üçin Gepleşikler Geçirilýär

Katarda ysraýylly esgerler bilen bilelikde Gazadaky ähli ýesirleriň boşadylmagynyň öwezinde resmi Tel-Awiwiň ysraýyllylary öldürendigi sebäpli “höküm edilen” palestinaly ýesirleriň boşadylmagy boýunça “uzak möhletli ylalaşyk” üçin täze gepleşikleriň geçirilýändigi habar berildi.

Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy “KAN-yň” habarynda, Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani, Ysraýylyň daşarky howpsuzlyk gullugy Mossadyň Başlygy Dawid Barnea, ABŞ-nyň Merkezi howpsuzlyk guramasynyň Direktory Uiliam Borns we Müsüriň Howpsuzlyk gullugynyň Başlygy Abbas Kamiliň paýtagt Dohada Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy boýunça duşuşyk geçirendigi mälim edildi.

Habarda duşuşykda garalan meseleleriň arasynda “uzak möhletli ylalaşyk” üçin taze bir ylalaşygyň ýany bilen Gazada saklanýan ysraýylly erkek adamlaryň we esgerleriň degişli bolmagynda ähli ýesirleriň boşadylmagynyň öwezinde Tel-Awiwiň ysraýyllylary öldürendigi sebäpli “höküm edilenleriň” hem degişli bolmagynda palestina ýesirleri boşatmagynyň bardygy nygtaldy.

Habarda Hamasyň täze ylalaşyga umuman razylyk bildirendigi “doly ylalaşyk” isleýändigi, emma Ysraýylyň häzirki wagtda ony kabul etmeýändigi beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Ysraýyla guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ysraýyl Liwana düýnem hüjüm gurady
ABŞ Ysraýyla 8,7 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Berer