Katarlylar Mehter Toparynyň Çykyşyna Uly Gyzyklanma Görkezdi

Katarlylar Mehter Toparynyň Çykyşyna Uly Gyzyklanma Görkezdi

Kataryň paýtagty Dohada Mehter toparynyň çykyşyna uly gyzyklanma görkezildi.

Türkiýäniň Katardaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde geçirlen çärede Bursanyň şäher häkimliginiň Mehter topary çykyş etdi.

Medeni çäräniň geçiriljek ýeri bolan taryhy Suk meýdany aý-ýyldyzly baýdaklar bilen bezeldi.

Katarlylar Mehter toparynyň çykyşyna uly gyzyklanma görkezdi.

Türkiýäniň Dohadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Göksu, Katarda türk medeniýetine bolan gyzyklanmanyň gün saýyn artýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär
Türk medeniýetiniň günleri geçirildi
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri: döredijiligiň şatlygy
06.12.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň konserti bilen döredijilik forumy tamamlandy
Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar