Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýi açylar

24-nji

oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly

wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň

häkimleri çagyryldy.

Giňişleýin mejlisiň gün

tertibine 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli

pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna

seredildi. Mundan başga-da, Prezident Maksatnamasyny we beýleki ykdysady hem-de

durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň käbir meseleleri ara alnyp

maslahatlaşyldy.

Giňişleýin mejlisde Ministrler

Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çykyş edip, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak

boýunça

alnyp barylýan

işler hem-de “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň döwrebap

enjamlary satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamasy

barada hasabat berdi.

Wise-premýer dünýäniň dürli döwletleri bilen özara

bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli

işleriň geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän ýokary

hilli harytlar daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Bu ýagdaýlary nazara alyp hem-de “Türkmenistanyň

daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” göz

öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Russiýa

Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Söwda

öýüni açmak teklip edilýär.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer hormatly

Prezidentimiziň dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýerli çig maly rejeli

ulanmak, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan

wezipelerini çözmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri

tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan

bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň

Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydygyny nygtady.

Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly senagat kuwwatyna

eýedir. Hormatly Prezidentimiz öňde köpsanly taslamalaryň durandygyny belledi.

Şolaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga

gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, Tatarystan özüniň serişde senagat

kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary bilen

baglylykda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz

Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere

degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň esasy ulgamlarynyň biri bolan dokma

pudagynyň öňünde önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly

toplumlary kemala getirmek, ýerli çig maly netijeli ulanmagyň esasynda

bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlary öndürýän we gaýtadan işleýän

kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly

ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de

eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek baradaky

maksatnamalaryň wajypdygyny aýdyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil we

ekologiýa babatda ähli ölçeglere doly laýyk gelmelidigini nygtady. Munuň üçin

dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün

edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly

wise-premýere iberdi hem-de bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli

tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar
Dünýäde ykrar edilýär türkmen milli alabaýy
Biziň halkara üstünligimiz
Kazanda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahaty geçiriler
Türkmen alabaýy iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy
Türkmenistan Kazanda geçiriljek foruma gatnaşar
Türkmenistan Kazanda geçiriljek sergide gazanan üstünliklerini görkezer