Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow Russiýa sapar bilen barar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 20-21-nji fewralda Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Russiýa barar. Bu barada Žaparowyň saýtyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Gyrgyz Prezidenti Kazanda geçjek Geljegiň oýunlary atly halkara kiçisport ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Çäräniň çäklerinde onuň Wladimir Putin we Tatarystan Respublikasynyň Başlygy Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary bolar.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we maýa goýum ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşarlar diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
ABŞ Bilen Britaniýa Ýemene Howa Hüjümini Gurady
Gyrgyzystanyň Prezidenti Žaparow 2026-njy ýyldaky saýlawlara gatnaşmakçy
Japarow: "Gyrgyzystanda häkimiýetiň zor bilen çalşylmagyna hiç hili sebäp ýok" diýdi