ABŞ Bilen Britaniýa Ýemene Howa Hüjümini Gurady

ABŞ Bilen Britaniýa Ýemene Howa Hüjümini Gurady

Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, ABŞ bilen Britaniýanyň, ýurduň Sada we Hudeýde şäherlerine 15 howa hüjümini gurandygyny habar berdi.

Husileriň Al Mesire teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, ABŞ bilen Britaniýa degişli harby uçarlar, Ýemeniň demirgazygynda ýerleşýän Sada we günbatarynda ýerleşýän Hudeýde şäherlerini nyşana aldy.

Habarda, harby uçarlaryň Hudeýdä 11, Sada şäherine hem 4 hüjüm gurandygy nygtaldy.

Habarda hüjümlerde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada bolsa maglumat berilmedi.

Eýran tarapyndan goldanýan Ýemendäki Husiler, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşy 31-nji dekabrda Ýemeniň suw giňişliginde Ysraýyla degişli söwda gämilerine hüjüm guramaga başlapdy.

ABŞ şol günden bäri birnäçe hezek Ýemenden atylan raketalary hatardan çykarandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Husileri Nyşana Aldy
ABŞ Hindi Okeanyndaky Gäminiň Eýran Tarapyndan Urlandygyny Habar Berdi
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar
BSGG Gaza Üçin Çagyryş Edýär
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler