Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri

Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri

Ysraýylyň Gazadaky basyp alycylykly synanşygy we gyrgynçylygy üçünci aýyna golaýlaýarka, Gazada emele gelen uly ynsanlyk aýybynyň ýany bilen sebitleýin dinamikalara we global syýasata hem tasirini ýetirmäge dowam edýär.Ysraýyl we onuň baş ýarany ABŞ günsaýyn ýalňyzlaşýan bolsa, husileriň Bab al Mendeb bogazynda we Gyzyl deňizde Ysraýylyň portlaryna haryt gatnadýan gämirleri nyşana almaga başlamagy bilen söweşiň täsiri has çuňdan duýulmaga başlandy.

Ukraina tarapda bolsa pursatdan Russiýa peýdalanýan bolsa, günbatar blogy şol bir wagtda iki çaknyşygy goldamak üçin uly kynçylyk çekýär.

Bab al Mendeb we Gyzyk deňiz dünýä gatnawynyň tas 11-12 göterimi bu ugurdan amala aşyrylýar. Şeýle hem nebit gatnawy şol ugurdan edilýär.Esasanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň ýakyn ugur şol ýerde we logistiki infrastruktura hem şoňa görä dizaýn edilipdir.

Emma Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylyklaryna garşy Ýemende ornaşan husiler Ysraýyla söweş yglan edip, Ysraýylyň portlaryna barcak her bir gämini nyşana alcakdyklaryny beýan eden soň, yzly-yzyna uly gämileriň nyşana alynandygyny görmäge başladyk.

Husiler wagtal-wagtal kamikaze dronlar we ugrukdyrylýan raketalar bilen şol gämileri urýan bolsa, wagtal-wagtal gönüden hücüm gurap, gämileri saklaýarlar.Dünýäniň iň uly logistika firmalary şol ugurda geçmecekdigini beýan etdi.

Alternatiw ugur hökmünde Umyt burnunyň daşyndan aýlanmak mümkin, emma ýükleriň azyndan 2 hepde gicikmegine we düşýän gymmatynyň artmagyna sebäp bolýar.Ysraýyl üçin uly howpdan global söwda we Ýewropanyň üpcünçilik howpsuzlygy taýdan wehime öwrüldi.

ABŞ, İspaniýa, Britaniýa, Bahreýn ýaly ýurtlary öz içine alýan işceň topar döredip, şol howpy ortadan aýyrmak isleýär.Emma husileriň lideri Abdulmalik al Husiniň beýan edişi ýaly husileriň we elbetde olary goldaýan Eýranyň bu cähtden yza çekilme niýeti ýok ýaly.

Guralmagy ähtimal howa operasiýalarynyň husileri yza çekilmäge mecbur etme mümkinçiligi görünmeýär.

Gyzyl deňizde şular başdan geçirilýän bolsa, Ukraina frontunda-da möhüm wakalar bolup geçýär.Russiýa günsaýyn pozisiýasyny güýçlendirýän bolsa, Ukrainanyň günbatardan söz berilen kömekleri alyp bilmeýändigi görülýär.ABŞ-nyň Kongresi goşmaça kömekler üçin islegsiz.

Ysraýyl harby-syýasy-ykdysady taýdan goldanýarka günbatar ýurtlarynyň Ukraina kömek berme ukyby azalýar.Bar bolan şertleriň dowam etme ähtimallygy pes.Bu şertlerde Ysraýyl-Gaza liniýasynda-da Ukraina-Russiýa liniýasynda-da hücümleriň bes edilmegi boýunça diskurslar güýçlener.

Emma Netanýahunyň beýanatlary hücümleriň durnukly bes edilmegi taýdan umyt döretmeýar. Bu meselede Ysraýylyň ýekirilmegi we ABŞ-nyň Ysraýyla basyş etmegi netice berip biler, emma Gazadaky gyrgynçylygyň ýene-de birnäçe wagt dowam etcekdigini aýdyp bileris. Ukrainanyň bolsa Russiýa bilen bar bolan şertlerde stoluň başyna oturdylmagy alternatiwlerden biri bolcaga meňzeýär. Emma Zelenskiýniň şeýle basyşa boýun egip-egmecekdigi nämälim.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny