Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer

Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer bilen Prezidentiň kompleksinde duşuşar.

Prezident Erdogan nemes kärdeşini Beştepede resmi dabara bilen garşylar.

Dabaradan soň iki lider ikiçäk duşuşyk geçirerler.

Türkiye bilen Germaniýanyň arasynda dowam edýän gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi babatynda edilip bilinjek ädimler ele alynar.

Prezident Erdoganyň Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygyny hem gün tertibe getirmegine garaşylýar.

Prezident Erdogan gyssagly ýaraşygyň üpjün edilmegi we palestinalylara ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýetirilmegi üçin Türkiyäniň çözgüt ýollaryny Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýere ýetirer.

Prezident Erdogan aralarynda Germaniýa hem bolan käbir Günbatar döwletleriniň Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahu dolanşygyna berjek goldawynyň krizisi has hem çuňlaşdyrjakdygyny beýan eder.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Eýran Bilen Dartgınlıň Ýeke-täk Günäkäri Netanýahu
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny