AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar

Aşgabadyň Altyn asyr futbol topary şu gün AFK-nyň ýaryşlarynda 44-nji synagyna çykar. Türkmenaragatnaşyk agentliginiň topary yklym ýaryşlarynda diňe AFK-nyň kubogyna gatnaşyp gelýär.

Yzda galan 43 duşuşykda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 17 ýeňşi, 10 utulyşy bar. Topar 16 duşuşygy deňlikde geçirdi. Şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 66 gol geçiren Altyn asyr öz derwezesinde 54 gol gördi.

Topar yklym ýaryşlaryndaky ilkinji duşuşygyny 2015-nji ýylyň 10-njy fewralynda Ýemeniň Al-Sakr toparyna garşy geçiripdi. AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda bolan şol duşuşykda Altyn asyr 0:1 hasabynda asgyn geldi.

Taryhynda iki gezek ― 2018-nji we 2019-njy ýyllarda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli çykyp, ýaryşy pleý-offlarda dowam etdirmäge hukuk gazanan topar 2018-nji ýylda finala çenli baryp ýetipdi.

Altyn asyr şu gün Täjigistanda Kulýab şäheriniň Rawşany bilen duşuşar. Toparçalaýyn bölegiň 6-njy tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk agşam sagat 19:00-da başlanar. Täjigistanyň Warziş teleýaýlymy duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi
AFK-nyň kubogy 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygynyň geçiriljek ýeri üýtgedildi
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
Altyn asyr AFK-nyň kubogynda Merwden üstün çykdy
Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar