AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün Duşenbe şäherindäki (Täjigistan) Rumi myhmanhanasynda AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň toparçalaýyn böleginiň 6-njy tapgyryndaky Rawşan ― Altyn asyr duşuşygyndan ozal metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

E toparçanyň çäginde duşuşjak bäsdeş toparlaryň baş tälimçileriniň we futbolçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Altyn asyrdan baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýew we goragçy Serdar Annamämmedow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Tälimçi we futbolçy öz teswirlerinde toparyň duşuşyga doly taýýardygyny aýdyp, Täjigistana diňe ýeňiş gazanmak maksady bilen gelendiklerini bellediler.

Şeýle hem şu gün Rawşanyň baş tälimçisi Tohirjan Muminow bilen kapitan Holmurod Nazorow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Iki topar mundan ozal 5-nji oktýabrda Aşgabatda-da duşuşypdylar. Şol duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar
AFK-nyň kubogy 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygynyň geçiriljek ýeri üýtgedildi
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
Altyn asyr AFK-nyň kubogynda Merwden üstün çykdy
Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar