BSGG Gaza Üçin Çagyryş Edýär

BSGG Gaza Üçin Çagyryş Edýär

BSGG-nyň Dolandyryjylar geňşine girýän 34 ýurt, Palestina degişli basylyp alynan ýerlerdäki saglyk ýagdaýy boýunça Dolandyryjylar geňeşiniň ýörite maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahatda geçirilen sese goýulşykda Gaza Sektoruna “Agyssagly, yzgiderli we bökdençsiz ynsanperwer kömek geçirişi” üçin çagyryş edilýän karar taslamasy bir agyzdan kabul edildi.

Owganystan, Marokko, Katar we Ýemen tarapyndan hödürlenen karar taslamasynda asuda ilatyň derman we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi hem-de olaryň üstüniň ýetirilmegi, azatlyklaryndan mahrum edilen ähli adamlaryn lukmançylyk bejergisine elýeterliliginiň ýola goýulmagy talap edilip, Gaza Sektorunandan çykyş rugsadynyň berilmegi üçin çagyryş edilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde 8-nji dekabrda geçirilen sese goýulşykda Gaza Sektorunda hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş edilýän karar taslamasyny weto eden ABŞ, BSGG-nyň kararynyn tekstine garşy durmady, emma “möhüm belliklerinin” bardygyny beýan edip, “deňagarmlylygyň pesligine gynanç bildirýändigini” beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Banky Gaza Üçin Çagyryş Etdi
Türkmenistan bilen ÝB gaz eksport strategiýalaryny maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
Türkiýe 100 Ýurda Çaý Eksport Etdi