Türkiýe 100 Ýurda Çaý Eksport Etdi

Türkiýe 100 Ýurda Çaý Eksport Etdi

Türkiýeden ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda 13,17 million dollarlyk çaý eksport edildi. Gündogar Garadeňiz Eksportçylar Bileleşiginiň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gündogan Türkiýeden ýylyň 7 aýynda 100 ýurda çaý eksport edilendigini aýtdy.

Gündogan 4094 tonna çaý eksportundan 13,17 million dollarlyk girdeji alynandygyny beýan etdi.

Gündogar geçen ýylyň degişli döwründe 2,820 tonna çaý eksportundan 11,15 million dollar girdeji alynandygyny nygtap; “Çaý eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä mukdar taýdan 45, gymmaty taýdan 18 göterim artdy. Belgiýa, Britaniýa we Germaniýa esasy çaý eksport edilen 3 ýurt boldy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk Çaýynyň Eksporty Ösýär
Ýanwar Aýynda 20 Ýurda Bal Eksport Edi
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Amir Abdullahian: Eýran Yslam Respublikasy aşa talaplara garşy kuwwatlylyk bilen durar
Hatibzadeh: Grossiniň Palestinanyň basylyp alnan ýerlerine sapar etmegi agentligiň abraýyna agyr zarba urdy
Amir Abdullahian Borrele ýüzlenip: Beýleki tarap goşa standartlardan saklanmalydyr
Amerikanyň Barjam hakda iki ýüzli we gapma-garşylykly hereketlerini Eýanyň tankytlamagy