ABŞ Hindi Okeanyndaky Gäminiň Eýran Tarapyndan Urlandygyny Habar Berdi

ABŞ Hindi Okeanyndaky Gäminiň Eýran Tarapyndan Urlandygyny Habar Berdi

Pentagonyň beýanatynda; “Liberiýanyň baýdagyny göterýän, ýaponlara degişli we Gollandiýa tarapyndan dolandyrylýan “Çem Pluto” atly himikat tankeri şu gün ýerli wagt boýunça 10.00-da Hindi okeanynda, kenardan 370 kilometr alysda uruldy” diýilýär.

Hüjümiň Eýrandan atylan bir taraply hüjüm drony bilen guralandygy, wakada adam pidasynyň bolmandygy, tankerdäki ýangynyň söndürilendigi habar berildi.

Beýannamada; “Bu, Eýranyň 2021-nji ýyldan bäri söwda gämilerine guran 7-nji hüjümi” diýilýär.

Hüjüm üçin Eýrandan hiç hili beýanat berilmedik hem bolsa, deňiz howpsuzlygy firmasy “Ambreý” “BBC-ä” şol tankeriň Saud Arabystanyndan Hindistana gidendigi we Ysraýyl bilen arabaglanşyklydygy hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza Sektoruna garşy 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän hüjümlerine garşy Ýemende Eýran tarapyndan goldaýan husiler Gyzyl deňizde Ysraýylyň gämilerine hüjüm gurajakdygyny beýan edipdi.

Husileriň hüjüme başlamagyndan soň köp sanly gämiçilik firmasy Gyzyl deňizdäki gatnawyny bes etdi.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýada Mekdebe Ýaragly Hüjüm Guraldy
Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
Ilon Maskyň beýni çip taslamasyna adamlarda synag geçirilmegi üçin ygtyýar berildi
Rembrandyň iki nakgaşlyk eseri 14 million dollara satyldy
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Hytaýda çagalar bagynda pyçakly hüjüm guraldy