Rembrandyň iki nakgaşlyk eseri 14 million dollara satyldy

Rembrandyň iki nakgaşlyk eseri 14 million dollara satyldy

Londondaky Christie’s söwda-satyg öýünde nusgawy golland suratkeşi Rembrandt Harmens wan Reýniň öň ýiten hasaplanýan iki eseri satyldy, müşderi olary 14 million dollar töläp satyn aldy.

Sungat eserleri hususy çeperçilik toplumda 200 ýyllap saklanypdyr. Söwda-satyg öýüniň hünärmenleri olary tötänden ele saldylar. Hünärmenler öň bu eserleriň öwrenilmändigine, Rembrandt baradaky kitaplarda olar barada ýazylmandygyna haýran galýandygyny gürrüň berýärler.

Christie's söwda-satyg öýi portretleri seljermek üçin Amsterdamdaky hünärmenlere iberdiler. Olar birgiden barlaglary geçirip, eserleriň, hakykatdanam, niderland nakgaşynyňkydygyny tassykladylar diýip, BBC News habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Hytaýda çagalar bagynda pyçakly hüjüm guraldy
Talim tupany sebäpli Hytaýda 230 müň adam göçürildi
Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy
Gawaý adalaryny güýçli ýangyn gurşady