Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi

Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi

Beýik Britaniýadan Jon Alfred Tinniswud dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi.Onuň 111 ýyl we 1 gün ýaşy bar diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň habaryna aýdylýar.

Bu dereje britaniýala 3-nji aprelde wenesuelaly Huan Wisente Pers Mora 114 ýaşynda aradan çykandan soňra geçdi.Onuň ornuna ýaponiýaly 112 ýaşly Gisanuro Sonobe eýelik edip bilýärdi, emma ol hem 4-nji aprelde aradan çykdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Jon Alfred Tinniswud Liwerpulda 1912-nji ýylyň 26-nji awgustynda dünýä indi, hut şol ýyl hem Titanik ýolagçy gämisi suwa gark boldy.

Tinniswud häzir Sautportdaky garrylar öýünde ýaşaýar. Özüniň uzak ýaşamagyna britaniýaly hakyky bagtyň çüwmegi hökmünde baha berýär, ol hiç wagt çilim çekmändir, spirtli içgileri datmandyr. Ol ähli zat babatda kanagatly bolmagyň saglygyň girewidigini aýdýar diýip, BBC News ýazýar.

Häzir dünýäde iň uzak ýaşly zenan 1907-nji ýylda doglan ispaniýaly Mariýa Branks Morere, martda ol 117 ýaşady.

Ýene degişli makalalar

Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Dünýäde iň uzak ýaşly adam Wenesuelada aradan çykdy
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy
Ançelotti Realyň halypasy hökmündäki oýunlaryny 200-e ýetirdi
“Barselonanyň” 29-njy, “Benfikanyň” 26-njy kubogy