“Barselonanyň” 29-njy, “Benfikanyň” 26-njy kubogy

Ispaniýanyň Şa kubogyny (Copa del Rey) bassyr 3-nji ýola “Barselona” topary gazandy.Olar 115-nji gezek geçirilen ýaryşyň finalynda “Alawes” toparyndan 31 hasabynda üstün çykdy. “Wisente Kalderonda” oýnalan oýnuň gollarynyň ählisi-de 1-nji ýarymda derwezä uruldy.

Katalonlaryň adyndan Messi (30), Neýmar (45), Alkaser (45+1), ilkinji gezek finala çykan “Alawesdenem” Teo (33) tapawutlandy. “Barselona” Şa kubogyna 29-njy gezek mynasyp bolup, 23 kubokly 2-nji hatarda barýan “Atletikden” ýene-de arany açdy.* * *Portugaliýanyň kubogy bäsleşiginiň finalynda “Benfika” bilen “Witoria de Gimaraýnş” toparlary duşuşdy. 1-nji ýarymda hasap açylmady. “Benfika” 48-nji minutda Raul Himenesiň hem-de 53-nji minutda-da Eduardo Salwionyň gollary bilen öňe saýlandy.

Bonganu Zungunyň 78-nji minutdaky goly “Witoria” toparyna ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Benfika” 2014-nji ýyldan soň, 26-njy gezek kubogy eýelemegi başardy.

Ýene degişli makalalar

BMG Ýakyn Gündogarda möwjeýän çaknyşyklar sebäpli “uly ynsanperwer betbagtçylyk” yglan etdi
Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi
Halkara guramasynyň täze başlygy
“Şanhaý SIPG”-iň ilkinji çempionlygy
Bir okana, bir-de dokana: Türkmenistanda halyçylyk senediniň düýni we şu güni
Barselonada Tim, Ştutgartda Kwitowa çempion boldy