“Şanhaý SIPG”-iň ilkinji çempionlygy

Hytaýyň Super ligasynda möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, “Şanhaý SIPG” topary çempionlygyny yglan etdi. 29-njy tapgyrda “Beižing Benhe” toparyny 21 ýeňen “Şanhaý SIPG” 2-nji hatarda barýan “Guangžou Ewergrand” toparynyň “Çonkin Lifandan” utulmagyndan soň, taryhynda ilkinji gezek çempion boldy. Şeýlelikde, portugaliýaly Witor Pereiranyň tälimçiligindäki “Şanhaý SIPG” topary “Guangžou Ewergrandyň” 7 ýyllyk çempionlygyny soňlandyrdy. “Şanhaý SIPG” toparynda Halk, Oskar ýaly brazil ýyldyzlary çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

“Şanhaý SIPG” ýarym finalyň bosagasynda
Çärýek finalyň birinji oýunlary
Hawi hem-de Kannawaronyň toparlary ýaryşy dowam edýär
“Szýansu Suningiň” ilkinji çempionlygy
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy