Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşyga Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi, Akhal-teke Affinity Co.LTD ýapon ykdysady jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoe we ýapon atşynaslary gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýapon tarapy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilýän giň gerimli çäreler, şeýle hem ýurduň atçylyk ulgamyndaky syýasaty bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Balkan welaýatynda iri desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralary geçirildi