Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň maksady 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Tokio şäherinde geçirilen ilkinji Merkezi Aziýa + Ýaponiýa Dialogynyň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden ykdysady taslamalary boýunça, şol sanda sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny tassyklady.

Duşuşykda şeýle hem Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy, bu işe Sumitomo Heavy Industries, Ltd. ýapon kompaniýasy işjeň gatnaşýar.Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2026-njy ýylda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 16-njy mejlisini geçirmek üçin degişli senäni bellemek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Ýaponiýa Türkmenistan bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri bilen duşuşdy
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi