Dünýäde iň uzak ýaşly adam Wenesuelada aradan çykdy

Dünýäde iň uzak ýaşly adam Wenesuelada aradan çykdy

Dünýäde iň uzak ýaşly Huan Wisente Peres Mora 2-nji aprelde 114 ýaşynda Wenesuelada aradan çykdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Nikolas Maduro habar berdi diýip, Ren.tv ýazýar.

2022-nji ýylyň fewralynda Mora Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi hökmünde girizildi.

Prezident Maduro özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda onuň ýakynlaryna we ýaşaýan El-Kobre şäheriniň ähli ýaşaýjylaryna gynanç bildirdi.

El Nacional gazeti Peres Moranyň öýken-dem alyş ýolunyň keselinden aradan çykandygyny habar berdi.

Huan Wisente Peres Mora 1909-njy ýylyň 27-nji martynda doguldy, ol maşgaladaky on çaganyň biridi. Onuň özüniň 11 çagasy bardy.

Peres Mora uzak ýaşamagynyň syryny hemişe zähmet çekendigi, doly bahaly dynç alandygy, ir ýatandygy bilen düşündirdi.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Taremi Portunyň taryhyna girýär
JONY-nyň Aşgabatdaky konsertine 10 müň tomaşaçy gatnaşdy, Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky iň gowy muzeýleri yglan edildi, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Türkmenistandan arzalar kabul edilip başlandy
Dünýä Kubogynda iň köp medal gazanan futbolçy
Sportuň taryhynda şu gün 23-24-nji dekabr