Talim tupany sebäpli Hytaýda 230 müň adam göçürildi

Talim tupany sebäpli Hytaýda 230 müň adam göçürildi

Hytaýyň günorta-gündogar kenarýakasynda 230 müň adam güýçli Talim deňiz harasaty sebäpli göçürildi diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by habar berýär.

Hepdäniň duşenbe güni Guandun ülkesine aralaşan tupan wagtynda şemalyň tizligi 140 km/sag. ýetdi. Sebitde uçar gatnawlary ýatyryldy, otlularyň hereketi saklandy. Güýçli ýel agaçlary köki bilen gopardy, ulaglara zeper ýetdi.

Sişenbede harasat goňşy Guandi ülkesine ýetende, biraz köşeşdi, gyssagly gulluklar uzak gün adamlara kömek etdiler, ýollary zibilden arassaladylar.

Tupan Hytaýda synlamalaryň bütin taryhynda iň ýokary derejede 52,2 gradus yssy howa hasaba alnandan soň geldi.

Ýene degişli makalalar

Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar