8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi geçiriler. Bu barada Belta salgylanyp, centralasia.news habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aragatnaşyk we maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem döwletiň birnäçe möhüm meselelerine we Arkalaşygyň çäginde sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine serederler.

Arkalaşygyň ýurtlarynda aragatnaşyk pudagy boýunça möhüm çözgütler kabul edilýän bu Geňeşiň mejlisi, azyndan, ýylda bir gezek geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlary güýçli ýangynlary başdan geçirýär
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy