Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi

Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi

Belarusda milli Geely kysymly ýeňil awtoulaglaryna haýran galdyryjy uzak nobat döredi diýip, ýurduň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko BELDŽI kärhanasyna baranda habar berdi.

Lukaşenko ýurtda ýeňil awtoulaglaryň önümçiliginiň ýük ulaglarynyň we awtobuslarynyňky bilen deňeşdirilende, az ösendigini belledi diýip, Belta.by saýtyna salgylanýan News.ru ýazýar. Prezident şonuň üçin hökümete bu islegi kanagatlandyrmak üçin çäreleri geçirmegi tabşyrdy diýlip, habarda aýdylýar.

Nobat akylyňa sygar ýaly däl. Adamlaryň bu ulagy edinesleri gelýär. Hökümetiň we ministriň baş wezipesi islegi kanagatlandyrmak üçin elde baryny etmelidirler. Ýogsam, bäsdeşler bu ýeri gelip eýelärler. Şonuň üçin mümkin boldugyça, ýeňil awtoulagyň önümçiligini artdyrmak gerek diýip, Belarusyň Prezidenti nygtady.

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy gutlady
Lukaşenko Wagneriň Suwalki geçelgesiniň golaýyna barandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy
Marokkoly daýhanlar guraklygyň we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen göreşýär
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy