Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy

Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy  şa zenan Mikasa aradan çykdy

Ýaponiýanyň Imperator maşgalasynyň iň uzak ýaşly agzasy Şa zenan Ýuriko Mikasa 101 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada NHK teleýaýlymyna salgylanýan Belta.by portaly habar berdi.

Mikasa şazada Takahitonyň ýanýoldaşydy. Şazada 2016-njy ýylda aradan çykdy. Takahito Sýewa eýýamynyň Patyşasy Hirohitonyň kiçi doganydy. Hirohito öz gezeginde, häzirki Patyşa Naruhitonyň gandüşer atasydyr.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda Şa zenan beýnä gan inmesi we pnewmoniýa sebäpli, Tokiodaky Halkara Keramatly Lukanyň hassahanasyna ýerleşdirildi.

Ýurduň 64 ýaşly Patyşasy Naruhito tagta 2019-njy ýylyň maýynda çykdy. Ol tagty 85 ýaşynda tagtdan ýüz öwren Akihitodan miras aldy. Patyşanyň tagtda ömürlik bolmalydygy barada kanuna garamazdan, Akihito üçin dynç alşa gitmek üçin tagty goýmaga rugsat berdiler.

Naruhito üznüksiz dowam edip gelýän Patyşa neberesiniň 126-njy Patyşasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy