Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar

Russiýada ýurduň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynda dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Düýn, 8-nji fewralda Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýygnagynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sanawy tassyklandy diýip, Belta.by ýazýar.

RF-niň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowanyň sözlerine görä, saýlaw býulletenlerine öň bellige alnan dört dalaşgäriň, ýagny erkin dalaşgär hökmünde gatnaşýan ýurduň häzirki Prezidenti Wladimir Putiniň, Liberal-demokratlar partiýasyndan Leonid Sluskiniň, Kommunistik partiýadan Nikolaý Haritonowyň we Nowyýe lýudi partiýasyndan Wladislaw Dawankowyň atlary giriziler.

Russiýada Prezident saýlawlarynda ses berlişik 15,16 we 17-nji martda geçer, bu ýurtdaky ilkinji üç günlük Prezident saýlawlary bolar.

Ýene degişli makalalar

Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi
Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellendi
Putin Ýene-de 6 Ýyl Möhlet Bilen Russiýany Dolandyrar
Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy