Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy

Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy

Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda öňdeligi saklaýar. Ol sesleriň 87,32 göterimini aldy. Bu maglumatlary ýurduň Merkezi saýlaw topary saýlaw uçastoklarynda býulletenleriň 99,01 göterimi işlenenden soňra çap etdi diýip, MIR 24 habar berýär.

Ikinji orunda Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasyndan (KPRF) dalaşgär Nikolaý Haritonow (sesleriň 4,31 göterimi) barýar. Üçünji orunda Новые люди (Täze adamlar) partiýasynyň wekili Wladislaw Dawankow (3,79 göterim) barýar. Dörtlügi ýurduň Liberal-demokratlar partiýasyndan (LDPR) Leonid Sluskiý (3,19 göterim) jemleýär.

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary ilkinji gezek üç gün 15-nji martdan 17-nji marta çenli dowam etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Putin Ýene-de 6 Ýyl Möhlet Bilen Russiýany Dolandyrar
Putiniň dalaşgärligi tassyklandy
Sluskiý Lenini ejesiniň ýanynda ýerlemegi teklip etdi
Sluskiý Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmakçy
Sluskiý RLDP-niň täze başlyklygyna saýlandy