Putin Ýene-de 6 Ýyl Möhlet Bilen Russiýany Dolandyrar

Putin Ýene-de 6 Ýyl Möhlet Bilen Russiýany Dolandyrar

Russiýada geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, sesleriň 87,8 göterimini alan Wladimir Putin saýlawda üstünlik gazandy.

Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň görkezijilerine görä, Russiýa Federassiýasynda 15-nji martda başlan we üç gün dowam eden prezident saýlawy, ýurduň günbatar nokadyndaky Kaliningrad sebitinde Moskwa wagty bilen 21.00-da saýlaw merkeziniň ýapylmagy bilen tamamlandy.

Ýurtda 80-den gowrak sebitde geçirlen saýlawa bolan gatnaşyk 74 göterim boldy.

Ses beren saýlawçylar bilen geçirlen sowalnama görä, sesleriň 87,8 göterimini alan döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin saýlawda üstünlik gazandy.

Fom firmasynyň saýlawda ses beren saýlawçylar bilen geçiren sowalnamasyna görä, Kommunist partiýasyndan Nikolaý Haritonow sesleriň 4,7, Täze ynsanlar partiýasyndan Wladislaw Dawankow sesleriň 3,6, Liberal demokrat partiýasyndan Leonid Slutskiý sesleriň 2,5 göterimini aldy.

Ses beren saýlawçylar bilen geçirlen sowalnama görä saýlawda üstünlik gazanan Putin, saýlawyň resmi netijeleriniň belli bolmagyndan soň kasam eder we 5-nji gezek 6 ýyl dowam etjek Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy wezipesine başlar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy
Putiniň dalaşgärligi tassyklandy
Sluskiý Lenini ejesiniň ýanynda ýerlemegi teklip etdi
Sluskiý Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmakçy
Sluskiý RLDP-niň täze başlyklygyna saýlandy