Japarow: "Gyrgyzystanda häkimiýetiň zor bilen çalşylmagyna hiç hili sebäp ýok" diýdi

Japarow: "Gyrgyzystanda häkimiýetiň zor bilen çalşylmagyna hiç hili sebäp ýok" diýdi

Gyrgysyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow ýurtda agdarlyşyk geçirmek üçin taýarlyk görülýändigi bilen bagly öňe sürmeler barada "Kabar" habarlar agentligine beýannama berdi.

"Gyrgyzystanda şu gün häkimiýetiň zor bilen çalşylmagyna hiç hili sebäp ýok. Onuň üçin bir sebäbiň döremegine rugsat bermeris" diýip aýdan Japarow, şol maksat bilen köpçülikleýin aksiýalary döretmäge synanyşýanlaryň jezalandyryljakdygyny hem belledi.

Japarow: "Her kimi elimiziň aýasy ýaly bilýäris. Olaryň arkasynda uly toparlaryň bardygyny öňem aýdypdym. Özleri hem muny gizlänoklar, aç-açan aýdýarlar" diýip nygtady.

Ozal Gyrgyzystanyň hökümedi ýurtda agdarlyşyk synanyşygy bilen netijelenmegine garaşylýan aksiýalaryň meýilleşdirilýändigini habar beripdi. Hökümediň aýtmagyna görä şol başlangyçlar işewür adamlaryň biri bolan Imamidin Taşow, oppozisioner aktiwist Tilekmat Kurenow we "beýleki toparlar" tarapyndan gurnalýan bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar
Erdogan Bilen Japarow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Gyrgyzstanyň Mejlisi Ýurduň Baýdagynyň Üýtgedilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi