Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Saud Arabystanynyň Maýa goýumlar ministri Halid bin Abdulaziz al-Falihi kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň gatnaşyklarynyň dürli ugurlary, Özbegistana goýuljak Saud Arabystanynyň maýa goýumlary hakynda pikir alyşyldy. Prezident Mirziýoýew şol gün Saud Arabystanynyň firmalaryndan biriniň Özbegistandaky iki sany energetika taslamasyna badalga beriş dabarasyna gatnaşdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Wise-premýeri Ding Sýuesýan 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Gazagystana resmi sapar etdi. Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew Hytaýyň wise-premýeri Sýuesýany kabul etdi. Duşuşykda Gazagystan-Hytaý gatnaşyklary, Guşak-ýol taslamasy we beýleki meseleler seljerildi. Şol gün Astana şäherinde Gazagystan-Hytaý Hyzmatdaşlyk Toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Wise-premýeri Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezdenti İmamali Rahmon bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ykdysady ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.

28-nji noýabrda Togonyň Prezidenti Faure Essozimna Gnassingbe Gazagystana resmi sapar gurady. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Togonyň Prezidenti Gnassingbe bilen ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi. Prezidentler duşuşyklardan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler.

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistan-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýeten sepgidine kanagatlanma bildirildi. Ministr Jabbarow Aşgabatda 7-nji Türkmenistan-Azerbaýjan Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň maslahatyna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Bakuw şäherinde Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe Goranmak ministrleriniň 10-njy maslahaty geçirildi. Maslahatyň ahyrynda ministrler üçtaraplaýyn teswirnama gol çekdiler.

28-nji noýtabrda Aktoty Raimkulowa Halkara türk medeniýet we miras gaznasynyň başlyklygyny Günaý Efendiýewadan kabul edip aldy. Degişli karar 3-nji noýabrda Astanada geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň sammitinde kabul edilipdi.

30-njy noýabr bilen 2-nji dekabryň aralygynda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Germaniýa we Çehiýa resmi sapar etdi. Gafarowa saparynyň dowamynda Germaniýanyň we Çehiýanyň Mejlisiniň başlyklary hem-de halk deputatlary bilen duşuşyklar geçirdi.

2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 2023-nji ýylynda Dubaide BMG-niň Bütindünýä howa sammiti geçirildi. Sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, çykyş etdiler. Sammitiň çäginde köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Ýurdumyzda giň möçberli maslahat hem-de sergi geçirilýär
Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
Aşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady