Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar

Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ýewraziýa döwletiniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçmek isleýäris.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar dekabr aýynyň 3-5-i aralygynda Gyrgyz Respublikasyna ilkinji resmi saparyny gurady.Prezident Tatar Bişkekde Gyrgyzstanyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow bilen duşuşdy.

DKTR-nyň Prezidenti Gyrgyzstana saparynyň çaginde Ata Beýt ýadygärligine, Gyrgyzstan-Türkiýe Manas uniwersitetine, Gyrgyz-Türk dostluk hassahanasyna baryp gördi.Gyrgyzstan-Türkiýe Manas uniwersiteti Prezident Tatara hormatly doktorlyk derejesini berdi.

Türki döwletleriň guramasyna synçy agza bolup durýan DKTR-nyň Prezidentiniň Azerbaýjandan soň Gyrgyzstana sapar etmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko üstümizdäki aýyň 4-de Hytaý Halk Respublikasyna sapar etdi. Pekinda Prezident Lukaşenko Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

6-njy dekabrda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Su-35 harby uçarlarynyň ýoldaşlyk etmeginde Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna iş saparyny gurady. Şeýlelikde Putin Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bäri GDA-nyň düzümine girýän ýurtlardan daşgary Hytaýdan we Eýrandan soň Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlara hem sapar etdi. Putin arap ýurtlaryna saparynda esasanda ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Moskwada Hazar deňizine kenardaş ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda sebitleýin hyzmatdaşlyk, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde has netijeli peýdalanmak, Hazar deňiziniň meseleleri hakynda pikir alyşyldy. Maslahatyň çäginde ikiçäk duşuşykar hem geçirildi.

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz 6-njy dekabrda Türkmenistana resmi sapar gurady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan Jewdet Ýylmaz, Türkmen-Türk hökümetara ykdysady toparyň 7-nji maslahatyna gatnaşdy. Saparyň çäginde Jewdet Ýylmazyň gatnaşmagynda Türkmenistan-Türkiýe İŞewürlik maslahaty geçirildi.

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Bişkekde Türki döwletleriň guramasynyň Maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalaryndan jogapkär ministrleriniň 5-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda Digital ýüpek ýoly taslamasy, e-döwlet başlangyçlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, elektron resminama çalşygy ýaly meseleler seljerildi.

7-nji dekabrda Moskwada Putin-Raisi duşuşygy geçirildi. Bäş sagatdan gowrak dowam eden duşuşykdan soň Russiýa-Eýran gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda işjeň ösýändigi beýan edildi.

Geçen hepde Azerbaýjanda möhletinden irki prezident saýlawlarynyň 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda, Russiýaky prezident saýlawynyň 17-nji martda geçiriljekdigi beýan edildi. 8-nji dekabrda Wladimir Putin geçiriljek prezident saýlawynda dalaşgär boljakydygyny aýtdy. Putin 17-nji martda geçiriljek saýlawda üstün çykan halatynda 5-nji gezek prezidentiň kürsüsine oturar.

7-nji dekabrda Azerbaýjanyň Prezidentiniň Diwany we Ermenistanyň hökümeti bilelikde beýannama berip, geçirilen özara duşuşyklaryň netijesinde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ynamyň berkidilmegi boýunça möhüm başlangyçlaryň edilmegi hakynda ylalaşyk gazanandygyny habar berdiler. Bu beýannama 2-nji Garabag söweşinden bäri Günorta Kawkazda parahatçylygyň ýola goýulmagy taýdan edilen iň esasy başlangyç hökmünde kabul edilip bilner.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Jewdet Ýylmaz Türkmenistan-Türkiýe İşewürlik Maslahatyna Gatnaşdy
Jewdet Ýylmaz Türkmenistan-Türkiýe İşewürlik Maslahatyna Gatnaşdy
Türkiýe Bilen Gyrgyzstan 62 Maddalyk Iş Meýilnamasyna Gol Çekişdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Özbegistanda saparda bolýar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar