Maslahatda çykyş eden Ýylmaz türk ykdysadyýeti hakynda möhüm ýüzlenmeler berip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň artmagyna kanagatlanma bildirdi.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkiýe-Türkmenistan İşewürlik Maslahaty geçirildi. Maslahata Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen köp sanly işewür gatnaşdy. Ýylmaz süňk doğanlyğyna esaslanýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejeli saparlar bilen depgininiň güýçlenendigini nygtady.
Türk ykdysadyýeti hakynda maglumat beren Ýylmaz, ýer titreme betbagtçylygyna we dünýädäki söwda gatnaşyklarynyň aşaklamagyna garamazdan türk ykdysadyýetiniň soňy 20 ýylda ýyllyk ortaça 5,4 göterim ösendigini nygtap, inflýasiýa garşy egilşiksiz göreşilýändigini beýan etdi.