Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

22-27-nji aprelin aralygynda Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etdi.Gazagystana, Gyrgyzstana, Özbegistana, Täjigistana, Türkmenistana we Mongoliýa sapara baran Kameron, adybir ýurtlaryň prezidentleri, daşary işler ministrleri bilen duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklarda Russiýa goýulan sanksiýalar, özara ykdysady gatnaşyklaryň täze derejelere göterilmegi, merkezi aziýaly işçileriň Britaniýa ugradylmagy, sebitleýin howpsuzlyk ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy.Saparyň çaginde Gazagystan bilen Britaniýanyň arasynda Strategik ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Dewid Kameron Gyrgyzstana, Täjigistana we Türkmenistana sapar eden ilkinji iňlis daşary işler ministri boldy.

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gyrgyzstanyň Parlamentiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew Mongoliýa resmi sapar gurady. Nurlanbek Şakiýew Ulanbatorda Mongoliýanyň Prezidenti, Premýer-ministri we Mejlisiň başlygy bilen aýry-aýry duşuşyk geçirdi. Saparyň çäginde gyrgyz halkynyň Çingiz Han bilen bolan taryhy gatnaşyklar temaly konferensiýa geçirildi. Gyrgyzstanyň Parlamentiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew Halkara TranAltaý dialog konferensiýasyna gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Fransiýa-Merkezi Aziýa Dostluk toparynyň başlygy, Senator Erwo Moronyň ýolbaşçylygyndaky fransuz wekiliýetini kabul etdi. Kabul edilşikde Gyrgyzstan bilen Fransiýanyň we Fransiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow 2024-nji ýylyň aprel aýynyn 24-25-i aralygynda Azerbaýjana döwlet saparyny gurady.Prezident Sadyr Japarow paýtagt Bakuda döwlet dabarasy bilen garşylandy.Prezident köşgünde Azerbaýjan-Gyrgyzstan döwletara ýokary şuranyň 2-nji maslahaty geçirildi.

Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 18 şertnama bağlaşyldy.Prezidentler soň metbugata beýannama berdi.Aliýew bilen Japarowyň gatnaşmagynda Bakuda Çingiz Aýtmatowyň heýkelinin açylyş dabarasy geçirildi.Aliýew bilen Japarow 25-nji aprelde Fuzuli we Agdam şäherleriniň gaýtadan dikeldiş işleri bilen ýakyndan tanyş boldy. İlham Aliýew bilen Sador Japaryw Gyrgyzstan tarapyndan Hydyrly obasynda guruljak mekdebiň gurluşygyna dabaralga berdi.

2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Hytaý Halk Respublikasynyň Goranmak ministri Dong Žuny kabul etdi. Astanada Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahaty geçirildi.

Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkiýä resmi sapar gurady. Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul edilen Premýer-ministr Bektenow, Prezidentiň Orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen bilelikde Türkiýe-Gazagystan Bilelikdaki Hökümetara Ykdysady Toparyň 13-nji maslahatyna ýolbaşçylyk etdi. Saparyň çäginde Türkiýe-Gazagystan İşewürler Maslahaty geçirildi.

Wakalardan hem görülşi ýaly geçen hepde türki döwletlerde möhüm hadysalar bolup geçdi. Dewid Kameronyň 6 ýurdy öz içine alýan sapary Britaniýanyň mundan soň Merkezi Aziýada has güýçli syýasat alyp barjakdygyny görkezýär. Mongoliýanyň Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen has ýakyn gatnaşyk etmegi we adynyň şolar bilen bilelikde agzalmaga başlanmagy möhüm.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyzstanyň Mejlisi Ýurduň Baýdagynyň Üýtgedilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Sankt-Peterburg, Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Etdi
Gyrgyz Respublikasynyň Baýdagyna Üýtgetme Girizildi
Daşary Işler Ministri Fidan, Bişkekde Saparda Boldy