Türkiýe Bilen Gyrgyzstan 62 Maddalyk Iş Meýilnamasyna Gol Çekişdi

Türkiýe Bilen Gyrgyzstan 62 Maddalyk Iş Meýilnamasyna Gol Çekişdi

Türkiýe bilen Gygryzstanyň arasynda Türkiýe-Gyrgyzstan Bileleligikdäki ykdysady komissiýasynyň 11-nji maslahaty geçirildi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmazyň we Gyrgyzstanyň Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Japarowyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň Komplesinde özara we toparara duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklardan soň Wise-prezident Jewdet Ýylmazyň we Gyrgyzstanyň Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Japarowyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe-Gyrgyzstan Bileleligikdäki ykdysady komissiýasynyň 11-nji maslahaty geçirildi.

Maslahatyň çäginde 62 maddalyk iş meýilnamasyna gol çekişildi.

Gol çekişlik dabarasyndan soň Japarow bilen birlikde metbugata beýannama beren Ýylmaz, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 1,6 milliard dollara çenli baryp ýetendigini, Türkiýe-Gyrgyzstan Bileleligikdäki ykdysady komissiýasynyň maslahatynyň söwda mukdarynyň gysga wagtda has-da artmagyna itergi berjekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar
Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar
Jewdet Ýylmaz Londonda saparda bolýar