Jewdet Ýylmaz Londonda saparda bolýar

Jewdet Ýylmaz Londonda saparda bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Beýik Britaniýa guraýan saparynyň çäginde ýurduň paýtagty London şäherinde ülkäniň wise-premýeri Oliwer Dowden bilen duşuşyk geçirdi.

Geçiren duşuşygyndan soň beýannama beren Jewdet Ýylmaz "Söwda we ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdyk. Bilişiňiz ýaly Breksitden soň Erkin Söwda ylalaşygyny baglaşdyk. Indi bolsa şol ylalaşygy has hem özgertmek, has hem çuňlaşdyrmak we gerimini giňeltmek isleýäris. Şonuň esasynda gepleşikler netijeli ýagdaýda dowam edýär. Syýasy we sebitleýin meseleleri maslahatlaşmaga mümkinçilik tapdyk" diýip habar berdi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz ähli ugurlarda diýalogy we ýokary derejeli gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini belläp geçip: "Beýik Britaniýa bilen şol ugurda örän gowy ýagdaýdadyrys. Ähli ugurlar boýunça gepleşiklerimiz we saparlarymyz dowam edýär. Ol bolsa ýurtlaryň ikisiniň hem bähbit görjek inisiatiwalary goldaýar" diýip mälim etdi.

Goranmak pudagyndan energiýa pudagyna çenli ençeme ugur boýunça dowam edýän taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdan Jewdet Ýylmaz, Beýik Britaniýa guran saparynyň çäginde şeýle hem maýadarlar bilen hem duşuşjakdygyny aýtdy.

Türkiyäniň geçen ýyl Beýik Britaniýadan 3 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edendigini aýdan Jewdet Ýylmaz, bu ýyl bolsa has köp görkezijä garaşýandyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda-da Saparda Bolýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar