Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Alper Gezerawjy, Prezident Erdogan bilen duşuşyk geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň älem giňişligine çykan ilkinji türk astronawty Alper Gezerawjy bilen Halkara emeli hemra bekedindäki üçünji gününde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirendigini ýazýar.

Prezident Erdogan “Bu wezipe bilen birlikde çagalarymyzyň we ýaşlarymyzyň älem giňişligine bolan gyzyklanmasy has-da artar.Sen ilkinji astronawtymyz boldyň.Elbetde soňky bolmaz.Türkiýe indi astronawtly älem giňişligi missiýasyny amala aşyran ýurtlaryň arasynda mynasyp ýerini aldy.

Bu ýolagçylygymyz dowam eder” diýdi.

“Star” gazeti, “Mnistr Güler: Alper Gezerawjynyň älem giňişligi ýolagçylygy ýurdumyz üçin taryhy ädim” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň, düýn beren beýannamasynda, ilkinji gezek türk raýatynyň, Howa güýçleriniň göreldeli harby işgäri uçarman Alper Gezerawjynyň älem giňişligi missiýasynyň çäginde Halkara emeli hemra bekedine gidendigini nygtap, “Bu ýolagçylyk, ýurdumyzyň ylmy we tehnalogiýa taýdan uly öňegiňişlik etmegi üçin taryhy ädim.

Mundan soň älem giňişligi meýilnamamyz dowam eder” diýen sözlerine ýer berýär.

“Watan” gazeti, “PKK/ÝPG-li 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçlerinden düýn berlen beýannamada, “Gahryman Türk ýaragly güýçlerimiz, Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” opersiýasy zolagynda od açan PKK/ÝPG-li 14 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi” diýlendigini nygtaýar.

“Sabah” gazeti, “Uly özgertmeleri amala aşyrylar”söz başyly habarynda, Ykdysady utgaşyklyk geňeşiniň maslahatynyň düýn Wise-prezident Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlendigini ýazýar. Maslahatdan soň beýannama beren Ýylmaz, “Öňümizdäki döwürde Türkiýe asyry missiýanyň çäginde maýa goýum, önümçilik we eksport taýdan uly özgertmeri amala aşyrarys” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda mukdary 2023-de artdy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 2023-nji ýylda 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 31 göterim artyp 7,65 milliard dollara barabar bolandygyna ünsi çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz terrora garşy göreş barada beýanat berdi
Türkiýe Bilen Gyrgyzstan 62 Maddalyk Iş Meýilnamasyna Gol Çekişdi
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda sapar gurar