Wise-prezident Jewdet Ýylmaz terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz terrora garşy göreş barada beýanat berdi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda 2024-nji ýylyň býujeti bilen bagly hökümediň adyndan çykyş etdi.

Guralan soňky terrorçylykly hüjümiň we Türkiyäniň terrora garşy göreşiniň üstünde durup geçen Wise-prezident Jewdet Ýylmaz terroryň demokratiýanyň, ösüşiň we adamzadyň duşmanydygyny belläp, terroryň bar bolan ýerinde adaty hukuklaryň we azatlyklaryň, jemgyýetçilik abadançylygynyň, adamlaryň asudalygynyň we bagtyýarlygynyň bolmaýandygyny belledi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz PKK, DAIŞ, FETÖ we beýleki ähli terror guramalaryny näletleýändigini habar berdi.

Jewdet Ýylmaz Türkiyäniň Siriýadaky we Yrakdaky barlygynyň terror guramasynyň ýok edilmegi we mundan soň wehim salmazlygy üçin iş alyp barýandygyny, terrorçylara garşy göreşiň halkara hukuga laýyk, kanuny taýdan özüňi goramak hukugynyň çäginde, goňşy ýurtlaryň özygtyýarlylyk hukuklaryna we territorial bütewiligine sarpa goýulyp, diňe terrorçylykly elementler nyşana alynyp geçirilendigini we geçirilmäge dowam edilýändigini mälim etdi.

Jewdet Ýylmaz Türkiyäniň hiç kimiň topragynda gözüniň bolmandygyny, emma haýsydyr bir güýjiň beýleki ýurtlaryň üsti bilen Türkiýä garşy operasiýa geçirmegine rugsat bermändigini we rugsat bermejekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi
Jewdet Ýylmaz Şu Gün Ruminiýa Gider
Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Özbegistanda saparda bolýar