Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar

Sapar bilen DKTR-nyň paýtagty Lefkoşa baran Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Erjan howa menzilinde beren beýanatynda, DKTR-nyň garaşsyz, özygryýar bir döwlet hökmünde ýoluny dowam etdirýändigini, abadançylygyny we ösüşini günsaýyn ýokarlandyrmak ugrundaky göreşindeTürkiyäniň Kipr türkleriniň ýanyndadygyny habar berdi.

Saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar we Premýer ministri Ünal Üstel bilen geçirjek duşuşyklarynda iki ýurduň arasyndaky maliýe, ykdysady meseleler başda bolmak ähli hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Jewdet Ýylmaz: "Käbir töwerekler DKTR-ni dünýäde goparmaga synanyşýan bolup biler, emma onuň hötdesinden gelip bilmezler.

Olar bir gapyny ýapsa, biz başga gapylary açarys we DKTR, Kipr türkleri dünýä bilen bütewileşmäge, ähli ugurlarda dünýä goşant goşmaga dowam eder" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Jewdet Ýylmaz Nowruz baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Jewdet Ýylmaz Şu Gün Ruminiýa Gider
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi